Galibaf: Giňişleýin hökümet gurmak Owganystanda dowamly howpsuzlygy talap edýär
(last modified Sun, 01 May 2022 06:24:46 GMT )
May 01, 2022 11:24 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Giňişleýin hökümet gurmak Owganystanda dowamly howpsuzlygy talap edýär

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy bütin toparlary öz içine alyjy hökümetiň döredilmegini Owganystanda dowamly howpsuzlygy üpjün etmek üçin zerur şert diýip atlandyrdy.

Owganystanda soňky günlerde ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda Kabul, Mazar-e-Şerif we Kunduz metjitlerinde partlamalara we terrorçylykly hüjümlere şaýat boldy, ýüzlerçe adam öldi we ýaralandy. Bu partlamalaryň jogapkärçiliginiň köpüsini terrorçy DAEŞ topary öz üstüne aldy.

Eýranyň Yslam Maslahat Assambleýasynyň başlygy Muhammet Baker Qalibaf şu gün (ýekşenbe) Mejlisiň açyk mejlisiniň öňünde eden çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Owganystanda ezilen halky Owganystanda görlüp-eşidilmedik krizise düşürmek we Kabulda ýerleşýän hökümetden töleg talap etmek üçin kowmy we mezhebi agzalalyklary döretmek ugurda terrorçy DAEŞ toparyndan peýdalanýar diýdi.

Galibaf sözüniň dowamynda "Eýran Yslam Respublikasy howpsuzlygy berkarar etmegi Kabulyň borjy hasaplaýar, emma şu wagta çenli borjuny ýerine ýetirip bilmedi" diýip beýan etdi.

Tags