Eýranyň prezidenti, Sionist režimiň Palestina halkyna edýän hüjümlerine garşy durmagy nygtady
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti basyp alnan Palestina sebitlerinde bolup geçen soňky wakalary kabul ederliksiz diýip häsiýetlendirmek bilen Yslam ýurtlarynyň tagallalary we dürli halkara mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen sionist režimiň palestina halkyna edýän adamkärçiliksiz hüjümlerini duruzmaga synanyşmalydygyny aýtdy.
Prezidentiň maglumat bazasynyň habaryna görä, duşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Oraza baýramynyň gelmegini dostlukly we goňşy ýurt bolan Türkiýäniň halkyna we hökümetine gutlamak bilen Eýran Yslam respublikasynyň syýasaty sebitiň ýurtlary, esasanam Türkiýe bilen giňişleýin gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr diýdi.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem Eýran halkyny we hökümetini Oraza baýramy bilen gutlady we Oraza baýramynyň tutuş Yslam dünýäsi üçin saglyk, abadançylyk we bagt çeşmesi bolmagyna umyt bildirdi.
Türkiýäniň prezidenti Tährana baryp görmek isleýändigini mälim etmek bilen Türkiýe sebitleýin we halkara ösüşleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem ikitaraplaýyn we halkara gatnaşyklary ösdürmek, esasanam Eýran Yslam Respublikasy bilen söwdany ösdürmek üçin pikir alyşmak isleýär diýdi.