Koronanyň Eýranda gündelik ölümi gaty azaldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16746-koronanyň_eýranda_gündelik_ölümi_gaty_azaldy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 7 adamyň ölendigini habar berdi
(last modified 2022-05-04T06:18:20+00:00 )
May 04, 2022 11:18 Asia/Ashgabat
  • Koronanyň Eýranda gündelik ölümi gaty azaldy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 7 adamyň ölendigini habar berdi

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 7 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 141,138-e ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 252 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 7,223,828 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 994 müň 867 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Korona wirusy epidemiýasy şu wagta çenli dünýäde 6 266 089 adamyň ölmegine sebäp boldy.