Eýranda 12 korona hassanyň ölümi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 12 adamyň ölendigini habar berdi
Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 12 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 141,157-e ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 375 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 7,224,431 adama ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 6 million 999 müň 709 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.
Koronawirus epidemiýasy şu wagta çenli dünýäde 6,272,396 adamyň ölmegine sebäp boldy.