Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 12 adamyň ölendigini habar berdi
Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 12 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 141,177-e ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 488 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 7,225,189 adama ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 7 million 5 müň 420 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem geçen 24 sagatda 62,643 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.
Koronawirus epidemiýasy şu wagta çenli dünýäde 6,280,000-den gowrak adamyň ölmegine sebäp boldy.