Amir Abdullahian: Eýran Ukrainadaky we dünýäniň her bir ýerinde söweşe garşydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i16816-amir_abdullahian_eýran_ukrainadaky_we_dünýäniň_her_bir_ýerinde_söweşe_garşydyr
Eýranyň Daşary işler ministri Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy gepleşikleriň duşmançylygyň bes edilmegine we bu ýurtda gysga wagtda ýaraşygyň döredilmegine sebäp bolmalydygyny aýtdy.
(last modified 2022-05-08T07:55:09+00:00 )
May 08, 2022 12:55 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Eýran Ukrainadaky we dünýäniň her bir ýerinde söweşe garşydyr

Eýranyň Daşary işler ministri Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy gepleşikleriň duşmançylygyň bes edilmegine we bu ýurtda gysga wagtda ýaraşygyň döredilmegine sebäp bolmalydygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir Abdullahian" ýekşenbe güni Polşanyň Daşary işler ministri Zbigniew Rao bilen duşuşandan soň geçirilen metbugat ýygnagynda Eýran Yslam Respublikasynyň Ukrainadaky we dünýäniň islendik ýerinde söweşe garşydygyny aýtmak bilen Eýran Yrakdaky, Owganystandaky, Ýemendäki, Siriýadaky we dünýäniň islendik künjegindäki urşa garşy çykşy ýaly, Ukrainadaky krizisiň çözgüdiniň syýasydygyna we syýasy gepleşikleriň duşmançylygyň derrew bes edilmegine we atyşygyň bes edilmegine sebäp bolmalydygyna ynanýar diýdi.

Amir Abdullahian şeýle-de Ukrainadaky söweşiň başynda, Polşanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Tähran 25 adamlyk lukmançylyk toparyny Ukraina-Polşa serhedine ibermäge we ynsanperwer kömegini ibermäge taýýardygyny mälim etdi emma Bütindünýä Gyzyl Haç lukmançylyk toparlary serhetýaka sebitlerine ibermegi sebäpli, Eýranyň lukmançylyk topary sebite iberilmedi diýip yglan etdi.

Amir Abdullahian, şeýle hem, Ukrainanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigine yşarat edip Ukrainanyň Daşary işler ministri bilen bu ýurtdaky wakalar barada üç gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we Russiýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşykda, Ukrainanyň Daşary işler ministriniň atyşygyň bes edilmegini we gepleşiklere taýyn bolmagyny isleýän habary Russiýanyň Daşary işler ministrine ýetirendigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri şeýle hem Eýran bilen Polşanyň köpden bäri dowam edip gelýän taryhy gatnaşygyna we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň 540 ýyl mundan ozala dolanýandygyna yşarat edip bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň uly baýlykdygyny aýtdy.

Polşanyň Daşary işler ministri "Zbigniew Rao" hem Tähranda geçirilen metbugat ýygnagynda Tähranda bolanyma begenýändigini aýtmak bilen Eýranyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri bar diýdi.

Şeýle hem Polşanyň Daşary işler ministri Ukrainadaky söweş barada beren gürrüňlerinde Polşa urşuň manysyz rus zorlugynyň netijesidigine ynanýar; Ukraina garaşsyz döwletiň halkara kanunlaryna laýyklykda öz çägini goramaga haklydyr diýip sözlerine goşdy.

Polşanyň Daşary işler ministri Zbigniew Rao düýn agşam Eýran Yslam Respublikasynyň işgärleri bilen duşuşmak üçin wekiliýetiň başynda Tährana geldi.