Gasemi: Eýran goranyş çärelerini pugtalandyrmak baradaky kanuny hakyndan yzya çekilmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1685-gasemi_eýran_goranyş_çärelerini_pugtalandyrmak_baradaky_kanuny_hakyndan_yzya_çekilmez
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Eýran yslam respublikasy milli we yslamy öwredişleri esasynda goranyş çärelerini pugtalandyrmak baradaky kanuny hakyndan sähelçe yzya çekilmez diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 03, 2018 19:11 Asia/Ashgabat
  • Gasemi: Eýran goranyş çärelerini pugtalandyrmak baradaky kanuny hakyndan yzya çekilmez

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi Eýran yslam respublikasy milli we yslamy öwredişleri esasynda goranyş çärelerini pugtalandyrmak baradaky kanuny hakyndan sähelçe yzya çekilmez diýip yglan etdi.

Bahram Gasemi milli bähbitlerini we milli howpsuzlygyny goramak baradaky dänip bolmajak hakyna yşarat edip Eýran Yslam Respublikasy bar güýji bilen goranyş programmalaryny we strategiýalaryny ylaýtada raketa işlerini ileri äkitjekdir diýip nygtady.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi sözüniň dowamynda Eýran yslam respublikasy goranyş çärelerini ösdürmek ugurda hiç kimden rugsat almaz diýip nygtap geçdi.

Eýranyň kuwwatlylygy duşmanlaryň sebitdäki we dünýä derejesindäki mekirli hileleriniň şowsuzlyga uçramagyna sebäp bolýandyr diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi sözüne goşdy.