Eýranda iň soňky korona statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 3 adamyň ölendigini habar berdi
Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 3 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 141,201-e ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 371 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 7,227,043 adama ýetendigini habar berdi.
Bu habara görä, şu wagta çenli 7 million 14 müň 783 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem geçen 24 sagatda 61,576 dozada korona sanjymynyň sanjym edilendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Şu wagta çenli 64 million 422 müň 786 adam birinji dozany, 57 million 685 müň 229 adam ikinji dozany we 27 million 282 müň 524 adam üçünji dozasyny aldy we ýurtda sanjymlaryň umumy sany 149 million 390 müň 539 doza ýetdi diýip yglan etdi.