Sepahyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi: Duşmanlaryň suw serhedindäki hereketlerine gözegçilik edilýär
Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi duşmanlaryň bu sebitlerdäki hereketlerine yzygiderli gözegçilik edilýändigini aýtdy.
Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Harby deňiz güýçleriniň serkerdesi, admiral Alireza Tangsiri ýurduň suw sebitlerinde howpsuzlyk ýagdaýy barada "Fars" habar gullugyna beren interwýusynda Yslam respublikasynyň gözegçiligi astyndaky suw serhetleriniň daşynda duşmanlaryň bardygyny aýdyp, ýurduň suw serhetlerinde doly howpsuzlyk ýola goýulýar we Eýran Yslam Respublikasynyň suw serhetlerine howp abanmaýar diýdi.
Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň deňiz gahrymanlarynyň taýýarlygyny we söweş ukybyny bellän admiral Tangsiri Ynkylapçy ýaşlaryň we wepaly we yhlasly güýçleriň bolmagy bilen, suw topraklarymyzda hiç bir duşman ýokdyr diýdi.
Yslam Ynkylapynyň Sepah Pasdaran güýçleriniň deňiz flotunyň serkerdesi, Sepahyň deňiz flotunyň Eýran Yslam Respublikasynyň suw araçäginden 12 mil uzaklykda bardygyny mälim etmek bilen ýurduň duşmanlary Yslam respublikasynyň gözegçiligindäki suwlaryň serhedinde ýok we häzirki wagtda hereketlerine gözegçilik edilýär diýdi.