Amir Abdullahian: Sebitiň ilaty, Sionist režim bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak meselesini kabul etmez
Eýranyň Daşary işler ministri Liwanyň çydamly halkynyň sionist režimiň yzygiderli agressiýasyna garşy durmagyny sebitiň halklary üçin aýdyň ülňi hökmünde häsiýetlendirmek bilen şeýle diýdi: Sebitiň çydamly halklary hiç wagt terrorçy we çagalary öldürýän Ysraýyl režimi bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaz.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdullahian we Liwanyň Medeniýet ministri Muhammet Wassam Al-Morteza duşuşyp, sebitdäki soňky wakalar, yslam ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we esasanam iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar.
Bu duşuşykda Amir Abdullahian Liwanyň Eýranyň daşary syýasatynda tutýan ornuny aýratyn hasaplady we Eýran halky bilen Liwan toparlarynyň we taýpalarynyň arasyndaky gowy gatnaşyklaryň taryhy gadymyýeti bar diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de Liwandaky kyn ykdysady ýagdaý barada gürrüň gozgap günbataryň zulum edýän sanksiýalaryna garamazdan, Eýran Yslam Respublikasynyň Liwan hökümetiniň we halkynyň haýyşy boýunça ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.
Bu duşuşykda Muhammet Wassam Al-Murtada Eýranyň Günbatar Aziýa sebitindäki aýratyn pozisiýasyna salgylanyp, Liwan hökümetiniň sebitdäki ähli dostlukly we dogan ýurtlar bilen, esasanam Eýran Yslam Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.