Eýran Ysraýylyň jenaýatlaryny bes etmek üçin BMG-ny gyssagly çäre görmäge çagyrdy
Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýeti, Al-Jazeeranyň palestinaly žurnalisti Şirin Abu Akalanyň şehit bolmagyny ýazgarmak bilen Ysraýylyň jenaýatlaryny bes etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň, esasanam Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly çäre görmegini isledi.
Sionist harbylar geçen çarşenbe güni Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky Janin düşelgesine hüjüm edip, Al Jazeeranyň palestinaly žurnalisti Şirin Abu Akalany şehit etdiler.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekilhanasynyň geňeşçisi Muhammet Reza Sahraei ýerli wagt bilen BMG-nyň maglumat komitetinde beren gürrüňlerinde Şirin Abu Akala palestina halkynyň edermenliginiň sesi we palestina halkynyň şunça wagt bäri dowam edip gelýän sütemli basybalyjylygy we basyp alyşlygy sebäpli çydamlylygyň we tutanýerliligiň milli nyşanydy diýdi.
Ol sözüniň dowamynda: Şirin Abu Akalanyň Ysraýyl režimi tarapyndan terror edilmeginiň uzaga çeken urşuň, gorkuzmagyň we žurnalistlere garşy zorlugyň bir bölegidir we onuň maksady, bu režimiň palestinalylara garşy eden jenaýatlaryny ýapmak we halkara kanunlaryny we kadalaryny bozmakdyr diýdi.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliýetiniň geňeşçisi: Şirin Abu Akala, Ysraýylyň dowam edýän uruş jenaýatlaryna we palestina halkyna we sebitdäki beýleki ýurtlara garşy terrorçylygyna halkara jemgyýetçiliginiň hereketsizliginiň ýene bir pidasy diýdi.