Ra'isi sünni alymlar bilen toparlaýyn ýygnakda: şaýy-sünni agzybirligi strategiki mesele
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, sünni alymlaryň bir topary bilen duşuşygynda şaýylaryň we sünnüleriň agzybirligini strategiki mesele hasaplady.
Şu gün (ýekşenbe) Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Ra'isi sünni alymlaryň we ruhanylaryň topary bilen bolan duşuşygynda sünni watandaşlarynyň we alymlarynyň ýurduň taryhyndaky ornuny möhüm hasaplap Sünni alymlar we akyldarlar öz ýurtlarynda köp hyzmatlaryň çeşmesidir we şaýylar we sünnüler köp ýyllap Yslam Eýranda bile ýaşapdyrlar diýip beýan etdi.
Ra'isi bu duşuşykda käbir sünni alymlaryň dolandyryş wezipelerinde sünnileriň köp ulanylmagy baradaky islegine salgylanyp talaba laýyk adamlardan peýdalanmak möhüm we zerurdyr, we hökümet üçin işbaşarjaňlyk esasy meseledir we men her welaýatda ýerli güýçleriň ulanylmagyny nygtaýaryn diýip yglan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle diýdi: "Geçmişde serhet girdejileri serhet ýaşaýjylaryna berlen we serhet bazarlary işjeňleşdirilen bolsa, serhet ilatynyň häzirki problemalaryny görmezdik" diýip Raisi sözüne goşdy.
Ra'isi çykyşynyň başga bir böleginde sebitdäki Takfiri hereketleriniň ösüşi barada durup geçdi we: "Takfiri we Salafi pikirleriniň ýurtdaky täsirinden ägä bolmalydyrys" -diýdi.
ol şeýle-de Iňlis-e bagly şaýylary we amerika bagly sünnileri bir teňňäniň iki tarapy hasaplap ikisi hem yslam dünýäsinde agzybirlige garşydyr diýip nygtap geçdi.