Raisiň BAE-nyň täze häkimine gutlag haty
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti öz ýüzlenmesinde Şeýh Muhammet bin Zaýed Al Nahýany BAE-nyň täze prezidenti ýa şol häkimi wezipesine saýlanmagy bilen gutlady.
BAE-nyň häkimi Halifa bin Zaýed Al Nahýan anna güni 73 ýaşynda aradan çykdy.
Halyf bin Zaýed Al Nahýan aradan çykandan soň, BAE-nyň ýokary geňeşi Muhammet bin Zaýed Al Nahany häkim edip saýlamak üçin ýygnak geçirdi.
Prezidentiň maglumat merkeziniň beren habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi bu hatynda Eýran Yslam Respublikasy bilen BAE-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň merhum Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahýanyň döwürinde esaslandyrylandygyna we onuň häkimligi wagtynda paýhaslylygy we iki ýurduň bähbidine laýyk ýaýrandygyny aýtdy.
Raisi iki tarapyň hyzmatdaşlygy bilen Eýran-BAE gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda barha çuňlaşmagyna şaýat bolarys diýip umyt bildirdi.