Ruhani:Eýran Amerikanyň garşysynda berk durjakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1703-ruhani_eýran_amerikanyň_garşysynda_berk_durjakdyr
Eýranyň döwlet baş tutany Waşington Tehrana basyş beren ýagdaýnda Eýran Yslam Respublikasy Amerikanyň garşysynda berk durjakdyr diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 06, 2018 19:18 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýran Amerikanyň garşysynda berk durjakdyr

Eýranyň döwlet baş tutany Waşington Tehrana basyş beren ýagdaýnda Eýran Yslam Respublikasy Amerikanyň garşysynda berk durjakdyr diýip nygtady.

şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani metbugat konferensiýada beren gürrüňlerinde Amerikanyň prezidenti Donakd Tramupyň Eýrana garşy gadaganlyklary gaýtadan janlandyrmak baradaky sözlerine yşarat edip Amerika mydama basyşlar we gadaganlyklar bilen Eýranyň döwletine we milletine kynçylyk döretmegiň yzyndadyr emma Eýranyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen bolýan ara baglanşyklary öňkilerden beter oňatlaşandyr diýdi.

prezident Ruhani Amerikanyň ýadro ylalaşygynyň iş maslahatyny aýak aşaga salan ýerinde Eýran nähili gaýtawuly bolar diýlen soragyň jogabynda Eýran öz usully boluşy esasynda ýadro ylalaşygyny bozýan ilkinji tarap boljak däldir ýöne Tehran döwleti Amerikanyň bu ylalaşykdan çykan ýagdaýnda gerek çäreleri görüp tutum tutjakdyr diýdi.

Ruhani ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň halkara bir ylalaşykdygyny nygtap bu ylalaşygyň BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşinde makullanandygyny şonuň üçin bu mesele barada gepleşik geçirilmejekdigini aýtdy.

döwlet baştutanymyz şeýle-de Türkiýäniň Siriýa goşun çekmegi barda hem gürrüň gozgap bir ýurdyň goşunynyň başga bir ýurdyň topragyna girmegi hökman şol ýurdyň döwletiniň we milletiniň rugsaty bilen bolmalydyr millet razy bolmasa bu operasiýalar togtadylmalydyr diýmek bilen Türkiýäniň Siriýada amala aşyrýan operasiýalary şeksiz netijesizdir diýdi.Ruhani şeýle-de Amerikaly harbylaryň Siriýada huzurly bolmaklaryny ýazgardy.

prezident Ruhani sözüniň dowamynda diplomatiýany sebitiň kynçylyklarynyň çözgüt ýoly hasaplap terrorizme garşy göreşmek,durnuklylygy berkarar etmek we keseki gudratlaryň sebit ýurtlarynyň içeri işlerine goşulmazlygy sebitde Eýranyň yzarlaýan maksatlarydyr diýdi.

Sionist režimi sebitiň ähli milletleriniň we musulmanlarynyň duşmanydyr şoňa görä bu režim bilen dostlyk gurmakçy bolýan ýurtlar gaty ýalňyşýandyrlar diýip Ruhani sözüne goşdy.