Ruhani:Türkiýe bilen gatnaşyklary ösdürmek Eýranyň daşary syýasatynyň başyndadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1707-ruhani_türkiýe_bilen_gatnaşyklary_ösdürmek_eýranyň_daşary_syýasatynyň_başyndadyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti goňşy ýurtlar aýratynda Türkiýe bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek Eýranyň daşary we sebitleýin syýasatynyň başynda ýerleşýändir diýdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Feb 07, 2018 20:16 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Türkiýe bilen gatnaşyklary ösdürmek Eýranyň daşary syýasatynyň başyndadyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti goňşy ýurtlar aýratynda Türkiýe bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek Eýranyň daşary we sebitleýin syýasatynyň başynda ýerleşýändir diýdi.

Eýranyň döwlet baş tutany Hasan Ruhani şu gün agşam Tehranda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen geçiren duşuşygynda iki ýurdyň söwda we ykdysady gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlyklarynyň 30 milliarda ýetirilmegi ugurda tagalla edilmegiň zerurlygyny nygtap,Tehran-Ankaraň bank gatnaşyklarynyň ösdürilmegi,özara söwda dolanşykda milli pulyň ulanylmagy ugurda tutum tutmak hemde iki ýurdyň arasynda hasyl bolan ylalaşyklary herne basym amala aşyrmak üçin tagalla etmek Tehran-Ankaraň ykdysady gatnaşyklaryny herekete düşürip biler diýdi.

Ruhani şeýle-de Siriýa barada Orsýetiň Soçi şäherinde geçirilen uç taraplaýyn maslahatyny sebitleýin kynçylyklary çözmekde möhüm ädim hasaplap begenç bilen bu günki gün Eýran,Türkiýe we Orsýetiň gatnaşyklary we hyzmatdaşlyklary sebit derejesinde täsir galdyryjydyr diýip beýan etdi.

ýurtlaryň garaşsyzlygyny goramak we geografik araçäkleriň asla üýtgemezligi sebitde durnuklylygyň berkarar bolmagyna sebäp boljakdyr diýip prezident Ruhani sözüne goşdy.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu hem bu duşuşykda Eýran bilen Türkiýäniň gatnaşyklaryny ähmiýetli hasaplap bu gatnaşyklary berkitmegiň zerurlygyny nygtady.

Türkiýäniň daşary işler ministri şeýle-de Siriýanyň demirgazygynda Türkiýäniň amala aşyrýan harby operasiýalarynyň wagtlaýyn we diňe terrorçylary dargatmak maksady bilen ýola berilip durulanlygyna yşarat edip Ankar döwletiniň Siriýanyň topragyna göz garaltmaýanlygyny aýtdy.Mewlüt Çawuşoglu şu gün Eýranly kärdeşi Zarif bilen hem duşuşandyr.