Prezident Raisi Azerbaýjan Respublikasynyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümini gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti öz ýüzlenmesinde Azerbaýjan Respublikasynyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümini gutlady.
Şu gün (şenbe) Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi, Azerbaýjan Respublikasynyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümini gutlady we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynda bu ýurduň pozisiýasynyň möhümdigini nygtamak bilen dogan ýurdy bolýan Azerbaýjan Respublikasy bilen goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge yhlas edýändigini aýtdy.
Raisi bu sargydynda umumy taryhyň we diniň, Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň halyklarynyň arasyndaky çuňňur gatnaşyklaryň täze döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar üçin berk binýady we gymmatly goldawy üpjün edendigini aýtmak bilen bu gatnaşyklara esaslanyp, Eýran Yslam Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasynyň garaşsyzlygyndan soň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin hemişe özara bähbitleriň çäginde işledi diýdi.
Prezident Raisi, şeýle hem, Azerbaýjan respublikasynyň territoriýalarynyň basyp alynmagyndan gutulany soň, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň hasam giňelendigine kanagatlanma bildirmek bilen bu mümkinçilikleriň iki tarapyň hem özara isleg we bähbitler ugrundaky tagallalary bilen ulanyljakdygyna umyt bildirdi.