Şamhani:Eýran iň az çykdaýjy bilen geçen dartgynlylyklary başdan geçirendir
Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Eýran Yslam Respublikasy aňtaw,howpsyzlyk hemde tertip düzgün goraýjy urganlaryň arkadaşlygy bilen iň az çykdaýjy bilen geçen 40 ýyldaky dartgynlylyklary başdan geçirendir diýip nygtady.
şu gün Eýranyň milli howpsyzlyk boýunça ýokary geňeşiniň sekretary Ali Şamhani Tehranda Eýranyň aňtaw guramasynyň işgärleriniň arasynda beren gürrüňlerinde yslam ynkylabynyň ýeňişe ýeten gününiň 39-nji ýyllygynyň gelip ýetmegine yşarat edip Eýranyň milleti köp dartgynlylyklardan şol sanda töňkelen uruşdan,ykdysady gadaganlyklardan we duşmanlaryň mekirli hilelerinden baş ýokary çykandyrlar diýmek bilen hereketde bolmak,wagt tanajylyk we möhüm meseleleri gün tertipde goýmak yslam ynkylabynyň dowamynyň syrydyr diýip nygtap geçdi.
Şamhani şeýle-de Amerikanyň özüniň howpsyzlyk strategiýasynda we sebitleýin bikanun syýasatlarynyň garşysynda Eýrany bir böwet hasaplanlygyna yşarat edip şol sebäpli Eýranyň milli bähbitlerine urgy urmak ugurda elinden gelen işi etmekden gaýra durýan däldir diýdi.