Merkezi Aziýa ýurtlary Çabahar portuna gatnaşmak islegini bildirdiler
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Täjigistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan Çabahar portynyň taslamasyna gatnaşmaga we harytlaryny bu port üstünli eksport etmäge taýýardygyny aýtdy.
Sistandaky we Bulujystan welaýatyndaky Çabahar porty, Makran deňziniň we Hindi ummanynyň kenarynda ýerleşýän Eýranda ýeke-täk umman portudyr.
Çabahar porty, strategiki ýerleşişi we Owganystan, Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan we Gazagystan ýaly Merkezi Aziýa gury ýer ýurtlaryna iň ýakyn giriş sebäpli aýratyn ähmiýete eýedir.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Täjigistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan Çabahar port taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler we sebite baryp gördüler diýip, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mehdi Safari aýtdy.
Safari şeýle-de bu ýurtlaryň Eýranyň Portlar we Deňiz Guramasy, şeýle hem Gämi Guramasy bilen olaryň tranzit boljak ýükleri üçin ýerleri haslamak barada maslahatlaşýandygyny aýtdy.