Larijani:duşmanlar Eýranyň raketa kuwwatlylygyndan gorkýandyr
Eýran Yslam Respublikasynyň parlament başlygy yslam respublikasynyň duşmanlarynyň Eýranyň raketa kuwwatlylygyndan gorkýandyklaryny nygtady.
Isna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Eýranyň parlament başlygy Ali Larijani duşmanlaryň Eýranyň howpsyzlygyna şikes ýetirmegiň yzyndadyrlar diýmek bilen Eýranly ekspertler raketa öndürmek tehnologiýasyna el-gerendirler şoňa görä duşmanlar bu başarjaňlygy Eýran milletinden alyp başarmazlar diýdi.
Eýranyň mejlis başlygy şeýle-de Fajr on günlügine yşarat edip Bahmen aýyň 22-nji gününi Eýran milletiniň milli güni hasaplady.
Larijani sözüniň dowamynda Eýranda yslam ynkylaby ýeňişe ýetenden soňra duşmanlaryň bu düzgüni ýykmak ýada oňa urgy urmak üçin dürli proýektleri amala aşyrandyklaryna salgylanyp emma bu mekirli hereketleriň ählisiniň şowsyzlyga uçrandygyny nygtady.Eýran milleti yslam ynkylabyny goramak üçin müňlerçe şehidi we jan aýamazy pida edendirler diýip Larijani aýtdy.
Eýranyň gaýratly milleti her ýyl 1979-nji ýylyň 11-nji Fewralynda yslam ynkylabynyň ýeňişe ýetmegi mynasybetli giňden ýol ýörişleri geçirip yslam ynkylabynyň düýbini tutan Ymam Homeýni(ra) we häzirki beýik lidermiz Aýatolla Hameneýi hezretleriň belent arzuwlary bilen gaýtadan peýman täzeleýändirler.