Ynkylabyň ýokary lideri: Sionistler yslam dünýäsiniň tiz belasydyr
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, sionistleriň tiz beladygyny we yslam dünýäsini tankytlaýandygyny aýdyp, sionist režimiň özi bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrundaky hökümetleri ulanýandygyny aýtdylar.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi çarşenbe güni şu ýylky haj işgärleri bilen duşuşygynda Sionistleriň dildüwşügini we meýilnamasyny paş etmek Hajda zerur mesele we sionist režimi bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin halklaryň isleglerine garamazdan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ugurna giden arap we arap däl hökümetler bu hili hereketleriň olaryň sionist režimi tarapyndan ulanylmagyndan başga netijesi ýokdyr diiýp açykladylar.
Aýatolla Hameneýi, Hajyň yslam ymmatynyň agzybirliginiň beýanydygyny görkezip, musulmanlaryň agzybirligi meselesinde hiç hili päsgelçilik bolmazlygy üçin ähli tagallalary etmelidigini, sebäbi şaýylar bilen sünnüleriň arasynda agzalalyk döretmek, esasanam Iňlis hilelerinden biridigini aýtdylar.
Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy, beýleki ýurtlardan gelen zyýaratçylar bilen gowy we açyklaýjy gatnaşyklaryň berkarar edilmegi, hemde Gurhandan we kgowy karylardan peýdalanmak agzybirlige şert döredip biljekdigini aýtdylar.
Aýatolla Hameneýi zyýaratçylary kabul edýän hökümetiň agyr jogapkärçiligine we bu hökümetiň yslam dünýäsiniň bähbidine hereket etmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, ähli zyýaratçylaryň, esasanam eýranly zyýaratçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň we geçmişdäki betbagtçylyklaryň gaýtalanmagynyň öňüniň alynmalydygyny aýdyp çykdajylaryň ýokarlanmagyna täzeden garamak Yslam respublikasynyň çynlakaý talaplarydyr diýip nygtap geçdiler.