Dolandyryjylar geňeşinde Eýrana garşy rezolýusiýanyň kabul edilmegine Tähranyň reaksiýasy
Wenada ýerleşýän halkara guramalaryndaky Eýranyň hemişelik wekiliýetiniň başlygy Dolandyryjylar geňeşinde Eýrana garşy rezolýusiýanyň kabul edilmegini berk ýazgardy we we degişli çäreleri görürjekdigini aýtmak bilen Eýranyň IAEA baradaky syýasatyna we çemeleşmesine gaýtadan garamaga hukugynyň bardygyny aýtdy.
Eýrana garşy ABŞ-Ýewropa üçlüginiň karary Hytaýyň we Russiýanyň berk garşylygyna garamazdan, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň (IAEA) Dolandyryjylar Geňeşiniň möwsümleýin mejlisinde kabul edildi. Ses berişlikden soň bu karar 30 oňýn ses, 2-garşy ses (Russiýa we Hytaý) we 3 saklanan ses (Hindistan, Liwiýa we Pakistan) bermek bilen tassyklandy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, "Muhammet Reza Gaebi", Eýrana garşy rezolýusiýanyň Dolandyryjylar geňeşiniň käbir agza döwletleri tarapyndan syýasy we ikitaraplaýyn sebäpler bilen kabul edilendigini aýdyp, Eýranyň bu meseledäki pozisiýasyny ýada saldy.
Gaebi karar kabul edilmezden ozal IAEA-nyň iň intensiw barlaglarynyň soňky 20 ýylda Eýranda geçirilendigini we diňe 2021-nji ýylda IAEA barlaglarynyň 22% -iniň Eýranda geçirilendigine yşarat edip, bu bir ýagdaýdadyr welin şol bir wagtyň özünde, Eýran, IAEA-nyň dünýädäki ýadro desgalarynyň bary-ýogy 3 göterimine eýedir diýdi.
Ol şeýle hem, IAEA-nyň Baş müdiriniň hasabatynda görkezilen ýerler baradaky aýyplamalaryň sionist režim tarapyndan berlen ýalan maglumatlara esaslanýandygyny ýene bir gezek gaýtalady.
Muhammet Reza Gaebi şeýle-de urtlaryň wekillerine ýüzlenip, Eýranyň, bu rezolýusiýany goldaýanlaryň meýdany tehniki faktlary bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk, ýöne bir taraply, hünärsiz we syýasy meýilnamanyň netijesi bolan şeýle ýoly saýlamaklary üçin eden işine çuňňur gynanýandygyny aýtdy.
Muhammet Reza Gaebi şeýle-de, teklip edilen karary berk ýazgaryp ret etmek bilen IAEA agza döwletleriň wekillerine ýüzlenip, Eýranyň IAEA bilen giňişleýin hyzmatdaşlygyny göz öňünde tutup, Karary kabul etmekden soň Eýrany IAEA bilen hyzmatdaşlyga çagyrmak manysyz we lapykeçlikdir diýdi.