Eýranda iň soňky korona statistikasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i17286-eýranda_iň_soňky_korona_statistikasy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 1 adamyň ölendigini habar berdi
(last modified 2022-06-09T07:05:02+00:00 )
Jun 09, 2022 12:05 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 1 adamyň ölendigini habar berdi

Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň şu gün yglan etmegine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 1 sany kowid-19 hassasy öldi we bu keselden ölenleriň sany 141,343 adama ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyk diagnostika kriteriýalaryna esaslanyp düýnden şu güne çenli ýurtda kowid-19 bilen kesellän 202 täze hassanyň kesgitlenendigini we hassalaryň umumy sanynyň 7,233,319 adama ýetendigini habar berdi.

Bu habara görä, şu wagta çenli 7 million 57 müň 938 näsag gowlaşdylar ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan çykdylar.

Indi bir aý töweregi wagt bäri Eýranda koronanyň pidalarynyň sany bir sanlydyr we bu tendensiýa dowam edýär.

Resmi maglumatlara görä, korona wirusy dünýäde şu wagta çenli 538 million 224 müňdan gowrak adama ýokaşdy we 6 million 326 müňden gowrak adam Kowid 19 keseli sebäpli öldi.