Hatibzadeh: Agentlik jogaplary üçin dogry ýoldan gitmeli
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Halkara Atom Energiýasy Guramasyna ýüzlenip: "Sorag ýa-da düşnüksizlik bar bolsa, ony dogry ýoldan yzarlamaly" diýdi.
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grossi "Al-Arabiýa" habar gullugyna "ýadro şertnamasyny dikeltmek üçin Eýran bilen gepleşikler dartgynly ýagdaýa geldi" -diýdi.
Ol öňe süren talaplaryny gaýtalap, şeýle diýdi: "Halkara Atom Energiýasy Guramasy Eýranda käbir faktlary düşündirmäge synanyşýar we IAEA Tährandan ýüze çykan tehniki soraglar barada hiç hili jogap almady".
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Said Hatibzadeh" duşenbe güni hepdelik metbugat ýygnagynda Eýran metbugatynyň beren soragyna şeýle diýdi: Elmydama Rafael Grosiniň tehniki borçlarynyň çäginde düşündiriş bermegini maslahat berýäris.
Hatibzadeh sözüniň dowamynda "Eýran bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň bilelikdäki beýany 5-nji martda ýazyldy we dowam etdirildi we eger Bu edaranyň henizem düşnüksizlikleri we soraglary bar bolsa, bu usul ýerlikli däl" diýdi.