BMG-nyň Baş sekretarynyň Eýrandaky adam hukuklary ýagdaýy baradaky hasabatyna Tähranyň reaksiýasy
Eýran Yslam Respublikasynyň Ynsan Hukuklary Merkezi, BMG Adam Hukuklary Geňeşiniň 50-nji mejlisine hödürlenen Eýran Yslam Respublikasynyň adam hukuklary ýagdaýy baradaky hasabatyna jogap hökmünde beýannama berdi.
BMG-nyň Baş sekretary, Eýranda adam hukuklary baradaky aýyplamalara salgylanyp, Eýranda adam hukuklary baradaky kanunlaryň ýerine ýetirilişini tankytlady.
Şeýle hem Guterreş, Eýran Yslam Respublikasyny guramanyň adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçylary bilen hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Eýranyň resmileri, Eýrana garşy adam hukuklary baradaky hasabatyň ýasama toslamalara we resminamasyz subutnamalara esaslanýandygyny birnäçe gezek öňe sürseler-de, ABŞ-nyň hökümetiniň Eýran boýunça ýörite wekili Robert Mali BMG hünärmenleriniň çykyşlaryndan, esasanam Eýranda adam hukuklary boýunça hasabat bermeklerinden minnetdarlygyny bildirdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Adam hukuklary merkeziniň beýanynda: Baş sekretar Antonio Guterreşe adam hukuklary meselesinde hasabat bermek, bu ugurda halkara bilermenlik mehanizmi bar ýagdaýnda, bu dogry däl we gereksiz we hünärsiz hereketdir.
Eýran Yslam Respublikasynyň Adam hukuklary merkeziniň beýanynda şeýle-de: Antonio Guterreşiň Eýranyň adam hukuklaryna degişli hasabatynyň bir syýasy hasabatdygy şeýle-de bu hasabatda Eýranyň pikirleriniň getirilmändigi nygtalýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Adam hukuklary merkeziniň beýanynda: Eýran Yslam Respublikasynyň hökümeti öz raýatlarynyň ynsan hukuklaryny goramak üçin ähli güýjüni yzygiderli sarp etse-de, we bu ugurda möhüm ösüşler we üstünlikler gazanylsa-da, emma beýle oňyn ýagdaýlar ýa asla ýok ýa-da dogry däl we ýalňyş analizler we birtaraplaýyn düşündirişler bilen getirilendir.