Aýatolla larijani: 22-nji bahmaniň ýol ýörişleri duşmanlaryň hilelerini güýçden düşürendir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1757-aýatolla_larijani_22_nji_bahmaniň_ýol_ýörişleri_duşmanlaryň_hilelerini_güýçden_düşürendir
Eýranyň kazyýet güýjiniň başlygy Aýatolla Sadeg Amoli larijani düýn Eýran milletiniň millionlarça bolup yslam ynkylabyň ýeňişe ýeten gününiň ýyllygynda ýöriş etmegi Eýranyň milli kuwwatlylygynyň artmagyna we duşmanlaryň pitneleriniň şowsuzlyga uçramagyna sebäp bolandyr diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 12, 2018 16:44 Asia/Ashgabat
  • Aýatolla larijani: 22-nji bahmaniň ýol ýörişleri duşmanlaryň hilelerini güýçden düşürendir

Eýranyň kazyýet güýjiniň başlygy Aýatolla Sadeg Amoli larijani düýn Eýran milletiniň millionlarça bolup yslam ynkylabyň ýeňişe ýeten gününiň ýyllygynda ýöriş etmegi Eýranyň milli kuwwatlylygynyň artmagyna we duşmanlaryň pitneleriniň şowsuzlyga uçramagyna sebäp bolandyr diýip nygtady.

şu gün Aýatolla Sadeg Amoli Larijani Eýranyň kazyýet güýjiniň ýokary derejeli jogapkärleri bilen geçiren maslahatynda 22-nji bahmaniň ýol ýörişini uly hasaplap bu hereket durmuşky ýiti ýagdaýda bütindünýä ählini haýrana goýandyr we duşmanlaryň millionlarça dollar çykajysyny  peýdasyz edendir diýdi.

Eýranyň kazyýet güýjiniň başlygy Aýatolla Sadeg Amoli larijani şeýle-de Eýran milleti  bütin kynçylyga garamazdan dosty-duşmany gowy saýgaryp başarýandyr we ýol ýörişlere giňden gatnaşyp milli birleşigini sergä goýandyr diýip sözüne goşdy.