Brujerdik: Ýewropa bilen gatnaşyklaryny ösdürmek Eýranyň usully syýasatydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1771-brujerdik_Ýewropa_bilen_gatnaşyklaryny_ösdürmek_eýranyň_usully_syýasatydyr
Eýranyň yslam şura mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Eýran Yslam respublikasynyň usully syýasaty garşylykly hormat esasynda Ýewropanyň bütin ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek esasyndadyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 14, 2018 16:55 Asia/Ashgabat
  • Brujerdik: Ýewropa bilen gatnaşyklaryny ösdürmek Eýranyň usully syýasatydyr

Eýranyň yslam şura mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Eýran Yslam respublikasynyň usully syýasaty garşylykly hormat esasynda Ýewropanyň bütin ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek esasyndadyr diýdi.

düýn Alaeddin brujerdi Tehranda Ýewropa Parlamentiniň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy dawid mak Allister bilen geçiren duşuşygynda Ýewropa bileleşigi Amerikanyň syýasatlarynyň täsiri astynda galan wagtynda Eýran bilen Ýewropanyň gatnaşyklary kemelendir diýip nygtady.

Eýranyň döwleti Ýewropa bilen köpugurly gatnaşyklaryny  ösdürmäge ykjamdyr diýip brujerdi yglan etdi.

Eýranyň yslam şura mejlisiniň milli howpsuzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň başlygy Alaeddin Brujerdi şeýle-de ýadro ylalaşygy hiç haçan üýtgedilmez diýip sözüne goşdy.

Dawid Mak Allister hem bu duşuşykda Eýran bilen Ýewropanyň hyzmatdaşlyklary iki tarapyň hem bähbidinedir diýip nygtap geçdi.