Prezident Raisiň Ýaponiýanyň hökümetine we halkyna gynanç haty
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi anna güni agşam Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişida iberen sargydynda bu ýurduň öňki premýer-ministri "Şinzo Abe" -niň adamkärçiliksiz hüjümde öldürilmegini Ýaponiýanyň hökümetine we halkyna gynanç bildirdi.
Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Şinzo Abe anna güni ýurduň günbataryndaky Nara şäherinde çykyş edende atylyp gaty ýaralandy soň bolsa keselhanada aradan çykdy.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, "Syed Ybraýym Raisi" bu sargydynda Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri "Şinzo Abe" -niň aradan çykmagyna gynanç bildirmek bilen ol merhum Ýapon halky üçin beýik syýasatçy we Eýran Yslam Respublikasy bilen Ýaponiýanyň arasyndaky taryhy gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm rol oýnan halkara şahsyýetdi diýdi.
Soňda, Raisi Ýaponiýanyň hökümetine we halkyna çuňňur duýgudaşlyk we gynanç bildirdi we bu ýurduň öňki premýer-ministriniň ruhy üçin Hudaýdan rahmat diledi.