Şwesiýa kompaniýasynyň Eýranda kebelek keselli çagalary üçin bandaj satmakdan ýüz öwürmegi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i17758-Şwesiýa_kompaniýasynyň_eýranda_kebelek_keselli_çagalary_üçin_bandaj_satmakdan_ýüz_öwürmegi
Eýran Yslam Respublikasynyň Şwesiýadaky ilçisi: Medisina enjamlary öndürýän Şwesiýa kompaniýasy, Amerikanyň rehimsiz sanksiýalary bahanasy bilen Eýranda kebelek keselli çagalary üçin bandaj satmakdan ýüz öwürýär diýdi.
(last modified 2022-07-11T12:33:36+00:00 )
Jul 11, 2022 17:33 Asia/Ashgabat
  • Şwesiýa kompaniýasynyň Eýranda kebelek keselli çagalary üçin bandaj satmakdan ýüz öwürmegi

Eýran Yslam Respublikasynyň Şwesiýadaky ilçisi: Medisina enjamlary öndürýän Şwesiýa kompaniýasy, Amerikanyň rehimsiz sanksiýalary bahanasy bilen Eýranda kebelek keselli çagalary üçin bandaj satmakdan ýüz öwürýär diýdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Şwesiýadaky ilçisi Ahmad Masoumifar duşenbe güni twitde: Eýranyň EB keseline duçar bolan çagalary her gün adam hukuklaryny talap edýänleriň öňünde ejir çekýärler we aradan çykýarlar,bu çagalaryň hukuklarynyň gödek bozulmagy we adamzada garşy jenaýat dälmi? diýip ýazdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite hasabatçysy hanym "Elena Dohan" Eýran Yslam Respublikasyna sapar etmeginden soň 2022-nji ýylyň 18-nji maýynda geçirilen metbugat ýygnagynda sanksiýalaryň ýaramaz täsiri barada eden çykyşynda Eýrana garşy görülýän çäreler adam hukuklarynyň bozulmagydyr diýip yglan etdi.