Prezident: Daşky gurşawy goramak möhüm we ileri tutulmagy derwaýys
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i17766-prezident_daşky_gurşawy_goramak_möhüm_we_ileri_tutulmagy_derwaýys
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, sebit ýurtlarynyň daşky gurşaw ministrleriniň sebitleýin ýygnagynda Daşky gurşawyň zerurlygyna üns berilmelidir we her kim adaty diplomatik we syýasy öwgülerden daşda, ony goramak üçin çäreleri görmelidir diýdi.
(last modified 2022-07-12T04:31:27+00:00 )
Jul 12, 2022 09:31 Asia/Ashgabat
  • Prezident: Daşky gurşawy goramak möhüm we ileri tutulmagy derwaýys

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, sebit ýurtlarynyň daşky gurşaw ministrleriniň sebitleýin ýygnagynda Daşky gurşawyň zerurlygyna üns berilmelidir we her kim adaty diplomatik we syýasy öwgülerden daşda, ony goramak üçin çäreleri görmelidir diýdi.

Günbatar Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşaw ministrleriniň sebitleýin ýygnagy Eýran Yslam Respublikasynyň başlangyjy bilen we Günbatar Aziýa ýurtlarynyň 11-siniň ministrleriniň we ýokary derejeli işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Bu ýygnak sebitdäki daşky gurşaw meselelerini çözmegiň çözgütlerini barlamak hemde tozan meselesine çäre görmek maksady bilen geçirildi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi şu gün (sişenbe) Günbatar Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşaw ministrleriniň sebitleýin ýygnagynda häzirki wagtda ekosistemany we daşky gurşawy goramak ähli adamlaryň we ähli ýurtlaryň, esasanam sebit ýurtlarynyň aladasydygyny aýtdy.

Raisi sözüniň dowamynda eziji düzgüniň artykmakç islegleri we Sebitiň hökümetlerini we halklaryny karar bermekde bilim we tehnologiýa pudagyndan mahrum etmek ekologiýa kynçylyklaryna sebäp bolandyr diýip nygtady.