Kanani Çafi: Eýran, Sionist režimiň her hili akylsyz hereketine berk jogap berer
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i17798-kanani_Çafi_eýran_sionist_režimiň_her_hili_akylsyz_hereketine_berk_jogap_berer
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Eýran Yslam Respublikasy, Sionist režimiň islendik akylsyz hereketine çynlakaýlyk, tutanýerlilik we ökündürji jogap berer diýdi.
(last modified 2022-07-13T05:52:54+00:00 )
Jul 13, 2022 10:52 Asia/Ashgabat
  • Kanani Çafi: Eýran, Sionist režimiň her hili akylsyz hereketine berk jogap berer

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Eýran Yslam Respublikasy, Sionist režimiň islendik akylsyz hereketine çynlakaýlyk, tutanýerlilik we ökündürji jogap berer diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi çarşenbe güni içerki we daşary ýurtly Žurnalistler bilen duşuşygynda şeýle diýdi: Ýadro ýaragynyň ýaýramagyny gadagan edýän we ýadro pudagynda halkara gözegçiligi baradaky halkara şertnamalaryň hiç birine agza bolmadyk we Halkara kanunlaryny bozmak-da gara taryhy bolýan we halklara garşy agressiýa taryhy bolan  režimiň Eýranyň parahatçylykly ýadro işleri barada teswir bermegi ajy gülkünç zatdyr.

Kanani Çafi şeýle-de, Eýranyň ýadro işleriniň doly aç-açan, kanuny we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň gözegçiligi astyndadygyny aýtmak bilen ýadro arsenalyna eýe bolup, ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasynyň agzasy bolman, Sionist režimiň Eýranyň parahatçylykly ýadro işleri barada düşündiriş bermäge hukugy ýokdyr diýdi.