Amir Abdollahian: Ak tam aşa isleglerini terk etmeli
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri duşenbe güni agşam Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat işgäri "Jozef Borrell" bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň gowy, güýçli we durnukly ylalaşyk gazanmak isleginde şübhe ýokdugyny aýtmak bilen Ak tam aşa isleglerini we şübheleri gyrakda goýup çözgüt tapmak we ylalaşyk gazanmak üçin hakyky ädim ätmelidyr diýdi.
Waşingtony ýadro şertnamasyna gaýtarmaga synanyşýandygyny öňe süren ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy entek bu ugurda ädim äden däldir.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri "Huseýin Amirabdollahian" bu telefon söhbetdeşliginde "Borrell" we daşary syýasata jogapkär orunbasary "Enrike Mora" -nyň yzygiderli edýän tagallalaryna ýokary baha bermek bilen şeýle hem Italiýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri bilen geçiren soňky gepleşiklerine ünsi çekip Amerika geçmişiň netijesiz çemeleşmesini we öndürijiliksiz hereketlerini gaýtalamagy, basyş we sanksiýalary ulanmagy bes etmelidir diýdi.
Bu telefon söhbetdeşliginiň başga bir bölüminde Amir Abdollahian, Eýranyň, Russiýanyň we Türkiýäniň prezidentleriniň Tähranda geçiriljek üç taraplaýyn duşuşygyna salgylanyp, Eýranyň azyk howpsuzlygy we energiýa howpsuzlygy meselesine çemeleşmesini düşündirdi.
Eýranyň daşary işler ministri, şeýle hem, Ukrainanyň daşary işler ministri bilen soňky söhbetdeşligine ünsi çekdi we ukrain däneleriniň eksportyny ýeňilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Bu telefon söhbetdeşliginde Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň başlygy hem Eýran tarapynyň şu wagta çenli gepleşiklerdäki oňyn we çynlakaý erkine ýokary baha bermmek bilen häzirki ýagdaýda taraplaryň pikirlerini jemlemegiň we gepleşikleri netijä ýetirmegiň zerurdygyny aýtdy.