Brigada generaly Aştiani: Al-Kudsi basyp alyjy režim yslam ýurtlarynyň duşmanydyr
Eýranyň Goranmak ministri, Türkiýäniň Goranmak ministri bilen duşuşygynda Al-Kudsyň basyp alyjy režimini Yslam ýurtlarynyň hakyky we baky duşmany diýip atlandyrdy.
Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar bu ýurduň ýokary derejeli syýasy wekiliýeti bilen Tährana gitdi.
Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Goranmak we goldaw ministri Amir sartip Muhammet Reza Aştiani, Tähranda Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar bilen duşuşygynda Sebitdäki käbir ýurtlaryň ýigrenji we galp sionist režimi bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak prosesine salgylanyp Al-Kudsyň basyp alyjy režimi yslam ýurtlarynyň hakyky we baky duşmanydyr, gynansak-da, Günbatar Aziýa sebitindäki käbir akymlar we hereketler bu ägirt uly biperwaýlygyň netijesidir diýdi.
Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar, Eýran bilen Türkiýäniň köp umumylyklarynyň bardygyny belläp, Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň we sebitiň howpsuzlygyny goramak we durnuklaşdyrmak üçin möhümdigini aýtdy.