Bageri: Goňşyçylyk syýasatda goňşular bilen gatnaşyklaryň çägi ýok
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i18002-bageri_goňşyçylyk_syýasatda_goňşular_bilen_gatnaşyklaryň_çägi_ýok
Goňşuçylyk syýasatynda goňşular bilen gatnaşyklaryň çäginiň ýokdugyny mälim eden Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary, Baýdeniň sebite şowsuz saparyndan birnäçe gün soň Astana sammitiniň meýilleşdirilmegini Eýranyň diplomatiýasynyň aň-düşünjesiniň nyşany we muny Yslam respublikasynyň sebitara gatnaşygy baradaky gepleşikleriň ajaýyplygynyň nyşany diýip atlandyrdy.
(last modified 2022-07-25T05:30:25+00:00 )
Jul 25, 2022 10:30 Asia/Ashgabat
  • Bageri: Goňşyçylyk syýasatda goňşular bilen gatnaşyklaryň çägi ýok

Goňşuçylyk syýasatynda goňşular bilen gatnaşyklaryň çäginiň ýokdugyny mälim eden Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary, Baýdeniň sebite şowsuz saparyndan birnäçe gün soň Astana sammitiniň meýilleşdirilmegini Eýranyň diplomatiýasynyň aň-düşünjesiniň nyşany we muny Yslam respublikasynyň sebitara gatnaşygy baradaky gepleşikleriň ajaýyplygynyň nyşany diýip atlandyrdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Ali Bageri, ýekşenbe güni agşam Yslam Şura mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Geňeşine gatnaşyp Eýran Yslam Respublikasynyň sebit we halkara syýasatlaryny düşündirmek bilen wekilleriniň soraglaryna jogap berdi.

Sebit we halkara ösüşler barada durup geçen Bageri, pursatdan peýdalanmagy Eýran Yslam Respublikasynyň diplomatiýasynyň aýratynlyklaryndan biri diýip atlandyrmak bilen Goňşuçylyk syýasatynda goňşular bilen gatnaşyklaryň çäginiň ýokdygyny aýtdy. ol şeýle-de ähli hakyky we potensial mümkinçilikleri goňşular bilen iň ýokary derejede aragatnaşyk saklamak bilen sebit ýurtlarynyň arasynda durnukly we uzak möhletli ykdysady baglanyşyklar üçin zerur platformany üpjün etmegiň ulanylmalydygy nygtady.