Raisi Eýranyň Owganystandan suw hakyny çynlakaý yzarlajakdygyny nygtady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň Owganystandan suw hakyny çynlakaý yzarlajakdygyna yşarat edip, Sistan we Bulujystan halkyna agyz suwyny we oba hojalygy suwyny üpjün etmek üçin bar bolan beýleki çözgütleriň degişli ministrlikler tarapyndan ileri tutulmagyny buýurdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi şu gün (çarşenbe) Ministrler Geňeşiniň mejlisinde Daşary işler we Güýç ministrlerine Eýranyň Hirmand derýasyna bolan talaplaryny yzarlamagy tabşyrmak bilen Eýranyň döwleti halkyň hukuklaryny yzarlamakdan ýüz öwürmez diýdi.
Şeýle hem, Raisi Eýranyň Daşary işler we Güýç ministrliklerine Sistan we Bulujystan welaýatynyň ilatyna agyz suwy we oba hojalygy suwuny bermegiň beýleki usullaryna, şol sanda çuň guýulary gazmaklyga çynlakaý garamagy tabşyrmak bilen zerur çäreleriň gysga wagtda gün tertibinde goýulmagy isledi.