"Mohsen Naziri", BMG-nyň Ýewropadaky ofisinde Eýranyň wekili boldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i18056-mohsen_naziri_bmg_nyň_Ýewropadaky_ofisinde_eýranyň_wekili_boldy
Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky ofisinde Eýran Yslam Respublikasynyň täze ilçisi we hemişelik wekili bellendi.
(last modified 2022-07-29T05:56:15+00:00 )
Jul 29, 2022 10:56 Asia/Ashgabat

Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky ofisinde Eýran Yslam Respublikasynyň täze ilçisi we hemişelik wekili bellendi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahýanyň teklibi we Eýran Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisiniň tassyklamasy esasynda Mohsen Naziri Asl Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky ofisinde Eýran Yslam Respublikasynyň täze ilçisi we hemişelik wekili şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Halkara Atom Energiýasy Guramasyndaky wekili wezipesine bellendi.

"Mohsen Naziri Asl" missiýa gitmeginiň öňüsyrasynda Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy we "Hosseýn Amirabdollahian" -yň teklipleri we görkezmeleri barada habar aldy.

Naziri Asl halkara hukugynda doktorlyk derejesini alandyr we iş faýlynda halkara guramalary babatynda birnäçe missiýa gatnaşmak tejribesi bardyr.