Imanipour: Eýranyň syýasaty goňşulary bilen medeni gatnaşyklary giňeltmekdir
Eýranyň Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasynyň başlygy, goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň giňelmegi Eýran hökümetiniň ileri tutýan ugry hökmündedir diýip yglan etdii.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasynyň başlygy Hojjatul YIslam "Muhammet Mahdi Imanipour" penşenbe güni agşam daşary ýurtlardaky Yslam respublikasynyň medeni geňeşçileriniň 10-njy ýygnagynyň ahyrynda Yragyň, Siriýanyň we Liwanyň medeni ministrleriniň Eýrana eden saparyny ýatlap, beýleki yslam ýurtlarynyň medeni ilçileriniň medeni gatnaşyklary giňeltmek üçin Eýran Yslam Respublikasyna sapar etmeklerine umyt bildirdi.
Ynkylap baradaky gürrüňiň we dünýädäki yslam rewolýusiýasynyň nusgasynyň yslam ýurtlarynda goldaýanlarynyň köpdügine ünsi çeken Imanipour, halkara we medeni meseleler babatynda özgerişlikleri amala aşyrmagy nygtamak bilen şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasynyň medeni geňeşçileri düşündiriş jihady babatynda ähli mümkinçiliklerini ulanmalydyrlar.