Aýatolla Hatami: Yslam hijaby bolan eýranly aýallar ähli ugurlarda üstünlik gazanandyrlar
Tähranda juma namazynyň hatyby Yslam hijaby bolan eýranly aýallar ähli ylmy, syýasy, ykdysady we dolandyryş ugurlarynda uly üstünlikleri gazanandyrlar diýdi.
Tähranda juma namazynyň ymamy Aýatolla Seýid Ahmad Hatami, hijap we päklik meselesine we günbatar ýurtlarynda hijabsyzlygyň wagyz edilmegine we şübhe döretmegine yşarat edip Günbatar aýallar ahlak we dini çäklendirmelerden azat bolýança öňe gitmez diýip pikir edýär ýöne Eýranda we Yslam Rewolýusiýasyndan soň tersini gördüler we yslam hijaby bolan eýranly aýallaryň ylym, syýasat, ykdysadyýet, dolandyryş we ş.m. ähli ugurlarynda üstünlik gazanandygyny gördüler diýdi.
Tähranyň juma namazyň hatyby, Günbataryň medeni merkeziniň hijaba garşydygyny we hijapsyzlygy öňe sürýändigini aýtmak bilen duşman eýranly aýallaryň hijabyna gaharlanýar we hijaba garşy şübhe bildirip gaharyny görkezýär diýdi.
Aýatolla Hatami sözüniň dowamynda ezijiler we onuň başynda Amerikanyň dawasy arassa Muhammadyň Yslamy baradaky dawadyr we olar Eýranda arassa we päk yslamyň häkim bolmagyny görip bilmeýärler diýdi.
Tähranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy bilen soňky duşuşygyna yşarat edip Aýatolla Hameneýiniň pozisiýasy mertebäniň, paýhasyň we maksadalaýyklygyň beýanydy diýip nygtady.
Aýatolla Hatami şeýle-de Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Putine ýüzlenip, Ukraina bilen bolan söweşde ýönekeý adamlaryň öldürilmegine nägileligini bildirdi we şol bir wagtyň özünde eger Russiýa Ukrainada inisiatiwany kabul etmän bolsady, beýleki tarap çäre görerdi diýip nygtandyklaryny aýtdy.
Tähranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Türkiýäniň prezidenti bilen bolan duşuşygynda paýhasly pozisiýa bolan Siriýanyň territorial bitewiligini goramagyň möhümdigini aýtdylar diýip beýan etdi.