Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary: Sionistler ähli tarapdan gurşalandyr
Palestina Yslam Jihad Hereketiniň Baş sekretary: Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň görkezmesi bilen Ysraýyllar Eýran Yslam Respublikasynyň güýji astynda ähli tarapdan gurşalandyr diýdi.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Palestina Yslam Jihad hereketiniň baş sekretary "Ziýad Nahale" çarşenbe güni Yslam Rewolýusiýasynyň Ýokary Lideriniň halkara meseleler boýunça geňeşçisi "Ali Akbar Welaýati" bilen duşuşygynda Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň Palestina halkynyň isleglerini goldamak baradaky görkezmelerine minnetdarlygyny bildirmek bilen Eýran öňküsinden has güýçlidir we çydam toplumy hem häzirki wagtda öňküsinden has güýçlidir diýdi.
Ziýad Nahale şeýle-de duşmanlaryň ähli tagallalaryna garamazdan Palestinadaky çydamyň ýagdaýy gowydyr we duşman ähli tarapdan gurşalandyr diýdi.
Yslam rewolýusiýasynyň halkara meseleler boýunça ýokary lideriniň geňeşçisi hem Ýemendäki, Yrakdaky, Siriýadaky, Owganystandaky we Türkiýedäki ýagdaýy seljerdi we goňşy ýurtlaryň resmileriniň Eýrana eden saparyny sebitde Eýran Yslam Respublikasynyň abraýynyň alamaty hasaplady.