sionist režimiň aparteidine garşy göreş; çydam akymynyň bir bölegi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i18152-sionist_režimiň_aparteidine_garşy_göreş_çydam_akymynyň_bir_bölegi
Eýranyň Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasynyň başlygy, Sionist režimiň aparteidine garşy göreşiň çydam hereketiniň bir bölegidigini aýtdy.
(last modified 2022-08-04T23:41:24+00:00 )
Aug 05, 2022 04:41 Asia/Ashgabat
  • sionist režimiň aparteidine garşy göreş; çydam akymynyň bir bölegi

Eýranyň Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasynyň başlygy, Sionist režimiň aparteidine garşy göreşiň çydam hereketiniň bir bölegidigini aýtdy.

Eýranyň Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasynyň başlygy Hojjat-ul-Islam wal-Muslimeen Muhammet Mahdi Imanipour, baýragyny almak üçin Tährana gelen Günorta Afrikanyň aparteide garşy lideri Nelson Mandelanyň agtygy Zululila Mandela bilen bolan duşuşygynda Ysraýylyň aparteidi, Günorta Afrikanyň aparteidi ýaly, ýakyn wagtda şowsuzlyga duçar bolar we Eýran dünýäde bu aparteidiň dargamagyny çaltlaşdyrmak we tizleşdirmek üçin hiç hili kömekden gaýra durmaz diýip nygtady.

Bu duşuşykda Zululila Mandela hem Eýrana eden saparyndan hoşaldygyny aýdyp Eýran Yslam Respublikasy Günorta Afrikany goldady we biz garaşsyz ýurt bolup bildik we bu biziň üçin gaty gymmatlydy diýdi.