Amir Abdollahian: Gepleşik topary Eýranyň ýadro şertnamasyndan ykdysady peýdalaryna çynlakaý üns berýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i18154-amir_abdollahian_gepleşik_topary_eýranyň_ýadro_şertnamasyndan_ykdysady_peýdalaryna_çynlakaý_üns_berýär
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Gepleşik topary Eýranyň ýadro şertnamasyndan ykdysady peýdasyna çynlakaý üns berýär diýdi.
(last modified 2022-08-05T11:18:11+00:00 )
Aug 05, 2022 16:18 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Gepleşik topary Eýranyň ýadro şertnamasyndan ykdysady peýdalaryna çynlakaý üns berýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Gepleşik topary Eýranyň ýadro şertnamasyndan ykdysady peýdasyna çynlakaý üns berýär diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian, Yslam şura mejlisiniň 90-njy komisiýasyna gatnaşyp Wena gepleşikleriniň gidişi barada hasabat berdi.

ol bu çykyşynda gepleşik topary üçin Eýranyň şertnamadan ykdysady peýdasy, gyzyl çyzyklaryň berjaý edilmegi we ýerli parahatçylykly ýadro kuwwatynyň we tehnologiýasynyň saklanmagy çynlakaý aladadyr diýip nygtady.

IRNA-nyň habaryna görä, Amir Abdollahian Yslam şura mejlisiniň 90-njy komissiýasyna gatnaşyp, parlamentiň strategiki kanunynyň ýerine ýetirilmegi we sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşiklere jogap berdi.