Raisi: Sionist režimiň jenaýatlaryna garşy durmak, bu režimiň çökmegini şübhesiz tizleşdirer
(last modified Sat, 06 Aug 2022 11:22:59 GMT )
Aug 06, 2022 16:22 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Sionist režimiň jenaýatlaryna garşy durmak, bu režimiň çökmegini şübhesiz tizleşdirer

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Sionist režimiň Gaza zolagyna eden hüjümde soňky jenaýatyny ýazgaryp Sionist režimiň jenaýatlaryna garşy durmak, bu režimiň pese gaçmagyny şübhesiz tizleşdirer diýdi.

Şenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Siýed Ybraýym Raisi Aba Abdellah al-Huseýniň (as) we ýoldaşlarynyň şehit bolan günlerine gynanç bildirmek bilen düýn gije Gaza zolagyna garşy eden jenaýatynda sionist režim ýene-de basyp alyşlygyny we agressiýasyny dünýä görkezdi, emma Gazanyň halkynyň çydam görkezmegi bu çaga öldürýän režimiň çökmegini çaltlaşdyrar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Amerikanyň separatistleriniň we hakyna tutulanlaryň we Sionist režimiň Owganystandaky dildüwşügine yşarat edip şeýle diýdi: Owganystandaky Ymam Hüseýiniň(as) ýas ýygnagyny weýran edenler, musulmanlary bölmäge synanyşýan döwrüň ezijileri we ýezidleridirler şonuň üçin Owganystanyň dolandyryjy guramasy üçin bu jenaýatçylary tapmagy we ähli owgan halkynyň howpsuzlygyny üpjün etmegi zerurdyr diýdi.

Eýranyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy şeýle-de Ymam Hüseýiniň(as) ýas çäärelerine köp adamyň gatnaşýandygyna yşarat edip Eýranyň halky, dindarlygyna we häkimligine esaslanyp, Hezreti Hüseýine (a.s.) beýiklik bilen ýas tutýar diýdi.

Tags