Hökümetiň metbugat sekretary: “Haýýam” hemrasynyň ýene üç görnüşi gurlar
Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň metbugat sekretary, eýranly alymlaryň gatnaşmagynda Haýýam hemrasynyň ýene üç görnüşiniň gurluşygynyň hökümetiň gün tertibinde durýandygyny aýtdy.
Haýýam 2, 3 we 4 hemra hem Russiýanyň hyzmatdaşlygy bilen Eýranda gurulmalydyr.
Eýranyň "Haýýam" hemrasy Russiýa bilen bilelikde hyzmatdaşlykda Gazagystanyň Baýkonur kosmos stansiýasyndan "Soýuz" hemrasy bilen uçuryldy we şu hepdäniň sişenbe güni ýeriň orbitasyna ýerleşdirildi.
ISNA habar gullugynyň habaryna görä, hökümetiň metbugat sekretary "Ali Bahadori Jahormi" özüniň twitter hasabynda: "Haýýam hemrasyny durnuklaşdyrmak üstünlikli geçirildi" diýdi.
"Bahadori Jahormi" mundan başga-da, eýranly bilimlere esaslanýan kompaniýalaryň Haýýamyň suratlaryny we maglumatlaryny dürli ugurlarda ulanjakdygyny ýazdy.