Wena gepleşikleri barada Eýranyň we Omanyň daşary işler ministrleriniň geňeşmesi
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian we Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Badr Al-busaidiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik taraplar gyzyklandyrýan sebitleýin we halkara meseleler, şeýle hem Wena gepleşikleriniň soňky wakalary barada pikir alyşdylar.
IRNA-nyň habaryna görä, Amir Abdollahian, Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisiniň salamyny Omanyň soltany Haýtam bin Tarike ýetirmek bilen, Omanyň sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşiklerindäki tagallalaryna we garaýyşlaryna ýokary baha berdi.
Taraplar Wena gepleşikleriniň soňky wakalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Amir Abdollahian, Sionist režimiň Gaza zolagyna eden soňky hüjümini ýazgardy, şol bir wagtyň özünde dürli sebit we halkara taraplar bilen alyp barýan giňişleýin maslahatlaryna ünsi çekdi.
Bu telefon söhbetdeşliginde Oman soltanlygynyň Daşary işler ministri hem sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşiklerde Eýranyň konstruktiw roluna ünsi çekdi we Oman gepleşikleriň şowly bolmagy ähli taraplaryň bähbidine diýip hasaplaýandygyny aýtdy.
Badr al-Busaidi şeýle-de palestina halkynyň hukuklary barada-da gürrüň gozgap: "Oman palestina halkynyň hukuklarynyň we islegleriniň durmuşa geçirilmegini elmydama goldaýar we olara goldaw berer" diýdi.