Amir Abdollahýanyň Ummanyň daşary işler ministri bilen söhbetdeşligi
Aug 18, 2022 15:04 Asia/Ashgabat
Eýranyň we Ummanyň daşary işler ministrleri dürli meseleler, şol sanda ABŞ-nyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy alyp barýan rehimsiz sanksiýalaryny ýatyrmak baradaky gepleşikleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri "Huseýin Amir Abdullahian" we Ummanyň Daşary işler ministri "Badr Al-Busaidi" penşenbe güni ikitaraplaýyn gatnaşyklar we olary giňeltmegiň ýollary barada telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Wenadaky sanksiýalary ýatyrmak we beýleki meseleler boýunça gepleşikler bilen baglanyşykly soňky wakalar we sebitara we halkara pikir alyşmalar hem bu telefon arkaly geçirlen söhbetdeşligiň başga böleklerini ybaratlaýar.