Serdar Ramzan Şerif: Häzirki wagtda duşman Eýrana haýbat atmaga het edip bilmeýär
Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň metbugat sekretary Eýranyň ýaragly güýçleriniň mümkinçiliklerine ünsi çekip, şu gün duşmanyň Eýrana haýbat atmaga het edip bilmeýändigini aýtdy.
Eýranyň goranyş doktrinasy esasan goranmak we öňuny alyş ýörelgesine esaslanýar; Olda hakyky öňuny alyş döretmek üçin, Ygtybarly harby we ýarag mümkinçiliklerine eýe bolmak we güýçli we oňat enjamlaşdyrylan ýaragly güýçlere eýe bolmak esasy rol oýnaýar.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň metbugat sekretary brigada generaly Ramzan Şerif, duşmanlar Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň we Eýranyň beýleki ýaragly güýçleriniň öňunda ejizlik we şowsuzlyk sebäpli diňe halkyň we ynkylapyň guramasy bolýan Sepah Pasdarana garşy ruhy söweşleri ýola goýýandyrlar diýip açyklap aýtdy.
Serdar Ramzan Şerif, rewolýusiýanyň we yslam ulgamynyň duşmanlarynyň Eýran halkyna basyş etmek üçin mümkin bolan ähli gurallary ulanandyklaryny, ýöne islenýän netijä gelmändiklerini aýtdy.