Şoýgu: "Hüjümleri bilkastlaýyn ýagdaýda haýallatdyk" diýdi
Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Ukrainada "ýörite harby operasiýasynyň" çägindäki hüjümleri, adam pidalaryny iň az derejä ýetirmek maksady bilen bilkastlaýyn ýagdaýda haýalladandyklaryny belledi.
Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatynda, Ukrainada 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweş bilen bagly beýannama berdi.
Resmi Kiýewiň Minsk ylalaşygynyň düzgünlerini berjaý etmegi ret etmegi, Donbassyň ýaşaýjylaryna we gelejekde Russiýa howp salýandygy üçin Ukrainada "Operasiýa" geçirýändiklerini aýdan Sergeý Şoýgu: "Ýörite harby operasiýa meýilnama görä dowam edýär we kesgitlenilen ähli wezipeler tamamlanar" diýip beýan etdi.
Russiýanyň harby birikmeleriniň ynsanperwer hukuk kadalarynyň düzgünlerini berjaý edýändigini aýdan Sergeý Şoýgu, ýokary takyk raketalar bilen Ukrainanyň Ýaragly güýçlerine degişli harby nyşanalara od açylýandygyny aýdan Sergeý Şoýgu: "Şol bir wagtda asuda ilat ýitgilerininiň bolmazlygy üçin ähli zat edilýär. Elbetde ol hem hüjümleriň tizligini haýalladýar. Emma biz ony bilkastlaýyn ýagdaýda edýäris" diýip belledi.
ABŞ-nyň we ýaranlarynyň Ukraina ýarag ugradýandygyny aýdan Sergeý Şoýgu, şol ýaraglaryň Ukrainada adam pidalaryny artdyrýandygyny we şol ýurtdaky ýaragly çaknyşygyň möhledini uzadýandygyny beýan etdi.
Russiýa garşy berk sanksiýalaryň durmuşa geçirilýändigini we maglumat söweşiniň başladylandygyny aýdan Sergeý Şoýgu: "Ukrainadaky söweş onuň üçin bir bahana öwrüldi" diýdi. ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Zaparožýe atom elektrik bekediniň ähli gözegçiliginiň Ukraina we Halkara Atom energiýa guramasyna (HAEG) berilmegi barada Russiýa çagyryş berdiler.
Şeýle-de Ak Tamdan berilen ýazmaça beýanatda, Baýdeniň we Zelenskiýniň telefon arkaly söhbetdeş bolandyklary habar berildi.
Baýdeniň Zelenskiýni Ukrainanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlandygy we Ukrainanyň halkynyň eýýäm 6 aý bäri rus basyp alyşlygyna görkezýän garşylygyny haýran galýandygyny aýdandygy bellenen beýanatda: "Baýden ABŞ-nyň Ukraina berýän goldawyny dowam etdirýändigini beýan etdi we düýn yglan edilen 3 milliard dollar bilen birlikde dowam edýän howpsuzlyk ýardamlary babatynda Zelenskä maglumat berdi" diýip mälim edildi.
Beýanatda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň, Zaparožýe atom elektrik bekediniň ähli gözegçiliginiň Ukraina we Halkara Atom energiýa guramasyna (HAEG) berilmegi barada Russiýa çagyryş berendikleri aýan edildi.
Beýleki tarapdan Ak Tamyň metbugat sekretary Karin Žan-Pýer geçiren metbugat ýygnagynda, Zaparožýe atom elektrik bekedi barada beýannama berdi.
Žan-Pýer: "Bir ýadro desga hiç wagt söweş zolagy bolmaly däldir. Russiýa bekediň töwereginde harbylardan saplanan zolagyň döredilmegine rugsat bermeli we iň ýakyn wagtda HAEG-nyň halkara howpsuzlyk gözegçiligine bermelidir" diýip nygtady.
Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy.