Eýranyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i18556-eýranyň_we_russiýanyň_daşary_işler_ministrleriniň_duşuşygy
Eýranyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Moskwada duşuşyp, Ukraina ýaly halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2022-08-31T08:07:29+00:00 )
Aug 31, 2022 13:07 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Eýranyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Moskwada duşuşyp, Ukraina ýaly halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Russiýa gitmezden ozal Hosseýn Amirabdollahian bu sapar barada şeýle diýdi: Bu saparyň esasy maksady, Eýran Yslam Respublikasynyň haýyşy esasynda Ukrainadaky krizisi çözmäge synanyşmakdyr".

Eýranyň Daşary işler ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi we Owganystan meselesiniň hem Moskwa boljak saparynyň gün tertibinde durýandygyny aýdypdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran we Russiýa Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleri "Huseýin Amirabdollahian" we "Sergeý Lawrow" şu gün (çarşenbe) Moskwada duşuşdylar we maslahatlaşdylar.