Ruhani: Eýran bilen Hindistanyň gatnaşyklary hiç bir ýurduň zyýanyna däldir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i1859-ruhani_eýran_bilen_hindistanyň_gatnaşyklary_hiç_bir_ýurduň_zyýanyna_däldir
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani tehran bilen täze Delhiniň gatnaşyklary hiç bir ýurduň zyýanyna däldir diýmek bilen iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmek ugurda gowy mümkinçilikler bardyr oňa görä bu mümkinçiliklerden peçdalanylmalydyr diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 17, 2018 16:00 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran bilen Hindistanyň gatnaşyklary hiç bir ýurduň zyýanyna däldir

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani tehran bilen täze Delhiniň gatnaşyklary hiç bir ýurduň zyýanyna däldir diýmek bilen iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmek ugurda gowy mümkinçilikler bardyr oňa görä bu mümkinçiliklerden peçdalanylmalydyr diýip nygtady.

şu gün prezident Hasan Ruhani täze Delhide Hindistanyň premýer ministri Narendra Mudi bilen geçiren duşuşygynda Eýran bilen Hindistan energiýa we ýük daşaýyş ugurlarda strategik gatnaşyklaryny ileri äkidip biljekdirler diýip beýan etdi.

Eýranyň Çabahar porty Hindistany Owganystana we merkezi Aziýa we Ýewropanyň gündogaryndaky ýurtlaryna ýetirmek üçin bir köpri bolup biljekdir diýmek bilen bu mesele Eýran bilen Hindistanyň taryhy gatnaşyklaryny berkitjekdir diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasy uzak möhletli ylalaşyklaryň çarçuwasynda Hindistanyň gerek energiýasyny üpjün edip başarjakdyr diýip Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani sözüne goşdy.

Hindistanyň premýer ministri Narendra Mudi  hem Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani bilen geçiren duşuşygynda täze delhi döwleti Tehran bilen köpugurly hyzmatdaşlklaryny ösdürmäge taýýardyr diýip yglan etdi.