Eýranyň içeri işler ministri: Arbain beýik yslam jemgyýetiniň agzybirliginiň nyşanydyr
Eýranyň içeri işler ministri Ymam Hosseýniň (AS) Arbaein (şehit bolmagynyň gyrky gününiň ýyl dönümi) dabarasy beýik yslam jemgyýetinde agzybirligiň we ýürekdeşligiň nyşanydyr diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, ýekşenbe güni Eýranyň içeri işler ministri Ahmad Wahidi Tamrçin serhedine saparynyň çäginde we Arbaine Hosseýni dabarasynda millionlarça zyýaratçyň gatnaşýandygyna salgylanyp, Arbaine Hosseýni dabarasyna sünnüleriň işjeň gatnaşmagyny we zyýaratçylara hyzmat etmek üçin tagalla etmeklerini gaty gymmatly hereket hasaplap, agzalalyk döretjek bolýanlara agyr urgy höküminde boljakdygyny aýtdy.
Wahidi, Arbain ýörişinde eýran halkynyň agzybirliginiň dünýäniň ulumsylygyny sarsdyrandygyny aýtmak bilen Hossýine (AS) bolan söýgi we eýran halkynyň çydamlylygy Hosseýni Arbainde görkezildi diýdi.
Eýranyň Içeri işler ministri şeýle hem Tamrçin serhedinden zyýaratçylaryň Karbala şäherine gitýändiklerine yşarat edip, şu ýyl ilkinji gezek Tamerçin serhedi zyýaratçylar üçin geçelge hökmünde bellendi, bu Günbatar Azerbaýjan häkimliginiň gije-gündiziň dowamynda edýän tagallalary bilen şatlykly waka boldy diýdi.