Kanani Çafi: ýadro şertnamasyny dikeltmek hakda çynlakaý päsgelçilik ýok
(last modified Thu, 15 Sep 2022 10:27:35 GMT )
Sep 15, 2022 15:27 Asia/Ashgabat
  • Kanani Çafi: ýadro şertnamasyny dikeltmek hakda çynlakaý päsgelçilik ýok

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ýadro ylalaşygyň gaýtadan dikeldilmegine hiç hili päsgelçilik ýok we Halkara Atom Energiýasy Guramasy tarapyndan ara atylan meseleleriň Eýrana garşy syýasy duşmançylyklaryň netijesidir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" ISNA habar gullugyna beren interwýusynda ýadro ylalaşygyny dikeltmek umydynyň peselen däldigine yşarat edip Eýran Yslam Respublikasy, Halkara Atom Energiýasy Guramasy tarapyndan ara atylýan meseleler hakda peýdaly hyzmatdaşlyga taýýardygyny we bu meseleleriň çözülmegini isleýändigini beýan etdi.

Naser Kanani Çafi şeýle-de bu söhbetdeşliginiň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen hyzmatdaşlygy elmydama oňyn we öňe tarap bolandygyny ýatlap Eýranyň, ähli ýurtlaryň ýadro işlerine gözegçilik edýän esasy edara hökmünde Agentligiň ýöriteleşdirilen we hünär derejesiniň goralmagyny talap edýändigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň ýene bir bölüminde şu wagta çenli Eýran Yslam Respublikasy Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etdi we soňky ýyllardan bäri gatnaşyklaryny berkitdi we ýadro ylalaşyk we 2015 şertnamasynyň çarçuwasy boýunça Agentlik bilen mümkin boldugyça hyzmatdaşlyk etdi bu hyzmatdaşlygyň netijesi, ýadro ylalaşyga gol çekilenden soň, Agentligiň Dolandyryjylar geňeşine hödürlän 15-den gowrak hasabatynda Eýranyň ýadro işleriniň parahatçylyklydygy tassyklanmagy bolandyr diýdi.

Tags